Innowasion usullar esasynda oba hojalygyny ösdürmek

Gahryman  Arkadagymyzyň öňe süren «Innowasiýalar esasynda kämil ykdysadyýeti kemala getirmek we pudaklary diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky» syýasaty obasenagat  toplumynda  alnyp  barylýan  işleriň ylym  bilen  baglanyşygyny  we  durmuşa  geçirilmegini  çaltlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän agrar syýasat Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolmak bilen, oba hojalygynyň ýokary depginde ösdürilmegine gönükdirilendir. Bu pudagy ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň ähmiýeti hem barha artýar. Bazar ykdysadyýetine geçilmegi oba hojalyk senagat toplumynyň kärhanalaryndan ylmy-tehniki ilerlemäniň,  hojalygy ýöretmegiň we önümçiligi gurnamagyň netijeli görnüşleriniň ornaşdyrylmagy esasynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmaklygy talap edýär. Oba hojalygyny we agrosenagat toplumyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çärelerde önümçiligiň guralyşy esasy orunlara eýe bolýar. Häzirki döwrüň önümçiliginde guralyş pikirleriniň ösüşi, onuň esasy düşünjeleriniň, düzüminiň, önümçiligi guralyş nazaryýetiniň täzeçe, bazar şertlerine kybapdaş ýokary hilli kabul edilýändikleri bilen häsiýetlendirilýär.

Häzirki döwürde oba hojalyk işini netijeli alyp barmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan ulgamy işlenip düzülendir. Öňdebaryjy tejribe arkaly durmuşa ornaşdyrylýan, önümiň möçberine görä serişdeleriň we zähmetiň az harçlanmagy bilen köp önüm almaga mümkinçilik berýän guramaçylyk, ykdysady, durmuş    tehnologiki çäreler toplumynyň ýerbe-ýer peýdalanylmagy oba hojalyk önümçiligini rejeli guramaga oňyn mümkinçilikleri döredýär.

Oba hojalyk ulgamyny netijeli ösdürmegiň şerti hökmünde tehnikany, tehnologiýany we önümçiligiň guralyşyny utgaşdyrmaklyk özbaşdak hojalyk subýektiniň hukuk derejesi bar bolan başlangyç önümçilik birligi bolup çykyş edýän kärhanalaryň çäginde amala aşyrylýar.

Maýa ARSLANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok