Gylyç Kulyýewiň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli ýatlama…

Taryh bilen öz döwrüniň syýasy wakalaryny baglanyşdyryp döreden syýasy eserleri bilen türkmen edebiýatynda öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, belli döwlet işgäri, syýasatçy, diplomat, hem taryhçy Gylyç Mamedowiç Kulyýew 1913-nji ýylyň 14-nji aprelinde, Türkmenistanyň Mary welaýatynyň birinji (köne) Gökje obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Görnüşi ýaly, bu gün ussat ýazyjymyzyň doglan gününe 110 ýyl dolýar. Ýazyjy ýaşlygynda sowet mekdep internatynda terbiýelenýär. Ol 1939-1940-njy ýyllarda terçimeçi bolup işlän döwründe marksizm-leninizm klassyklarynyň birnäçe eserlerini türkmen diline terjime edip, olary içgin özleşdirýär. Iňlis hem pars dillerini suwara öwrenýär. G.Kulyýew 1941-nji ýyldan başlap Bolşewikleriň Kommunistik partiýasynyň agzasy bolýar. Soňra mugallymçylyk institutynyň taryh fakultetini tamamlap, 1952-nji ýylda SSKP-nyň MK-nyň garamagyndaky Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasynyň Partiýa taryhy fakultetini üstünlikli gutarandan soň, “taryh ylymlarynyň kandidaty” diýen alymlyk derejesini alýar. Şondan köp wagt geçmänka TSSR YA-nyň habarçy-agzalygyna saýlanýar.

Ýazyjynyň “Kommunistik partiýanyň Orta Aziýada sowet häkimiýetini pugtalandyrmak we milli syýasaty amala aşyrmak ugryndaky göreşi” (1917-1925), “Kapitalizme ýetmedik ýurtlaryň ösüş ýollary” şeýle-de “Orta Aziýa respublikalarynyň sosializm gurluşygyndaky tejribesi hem onuň ösýän ýurtlara täsiri” ýaly dürli ýyllarda peýda bolan ylmy işleri onuň syýasy sowatlylygynyň ýetikdigini subut edýär. Onuň 1954-nji ýyldaky gündogary öwrenijileriň Kembrijde geçirilen XXIII Halkara kongresinde “Türkmen halkynyň medeniýeti” diýen at bilen eden çykyşy hem örän üstünlikli bolýar.

1953-1956-nji ýyllarda TSSR-iň Medeniýet ministri, 1956-1957-nji ýyllarda bolsa, SSSR-iň Ministrler Geňeşindäki TSSR-iň wekili bolup zähmet çeken Gylyç Kulyýewiň diplomat hökmünde işlän ýerlerini hem aýratyn bellemelidiris. Ýazyjy 1943-1948-nji ýyllar aralygynda Gorgan şäherinde (Eýran) SSSR-iň wise-konsuly bolup işleýär. 1957-1960-njy ýyllarda SSSR-iň Owganystandaky ilçihanasynda birinji geňeşçi wezipesinde işläp, 1960-1964-nji ýyllaryň dowamynda bolsa, SSSR-iň Tunisdäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolýar.

1954-1958-nji ýyllarda TKP-nyň Merkezi komitetiniň agzasy bolan G.Kulyýew şol ýyllarda TSSR-iň Ýokary Sowetiniň deputatlygyna hem saýlanýar. Zähmet çeken döwründe bitiren hyzmatlary üçin “Oktýabr Rewolýusiýasy”, “Hormat Nyşany” ordenleri bilen sylaglaýarlar.

Eserleri
Syýasatdan ýüki ýetik, uly durmuş tejribesini başdan geçiren G.Kulyýew edebi döredijilik meýdanyna gadam basanda, ol eýýäm dört onlugy arka atandy. Ýazyjynyň 1954-nji ýylda ilkinji ýazan “Köpetdagyň aňyrsynda” atly powesti edebiýat älemine täze bir zehiniň gelendigini görkezýär. Bu powestde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen topragynyň serhetlerinden daşarda-da at-owazasynyň ulydygy barada gürrüň açylýar. Şondan soňra on ýyl wagt ara düşüp ýazyjynyň Pyragynyň ömrüniň soňky ýyllaryndan söhbet açýan täze eseri, “Ýowuz günler” atly romany peýda bolýar. Zehinli ýazyjynyň bu romany “Gara kerwen”, “Ýanbermez alžirli”, “Emiriň ilçisi” ýaly soňky dörän ajaýyp romanlaryň başlangyjy bolýar. Gylyç Kulyýew Magtymguly barada ýokarda ady agzalan eserlerini täzeden has giňişleýin seljerip iki tomluk “Magtymguly” romanyny ýazýar. Zähmetsöýer ýazyjynyň bu döreden eseri beýik şahyrymyzyň şanly 250 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady bolýar. Ýeri gelende bellesek, biziň kino ussatlarymyz tarapyndan ýazyjynyň bu romany esasynda çeper kinofilm döredildi.
Ussadyň “Gara kerwen” romany Beýik Oktýabr Sosialistik Rewolýusiýasynyň 50 ýyllygy mynasybetli yglan edilen bäsleşikde respublikan baýragyna mynasyp bolýar. Ýazyja uly abraý getiren bu romanda Orta Aziýa halklaryny ýaňy dörän Sowet döwletinden bölüp aýryp, özlerine tabyn etmek islän iňlis imperalizminiň eden-etdilikleri giňişleýin açylyp görkezilýär. Şol sebäden hem roman dessine rus diline terjime edilip merkezi gazetde çap edilýär. Soňra bu eser nemes we çeh dillerine hem geçirilýär. Daşary ýurtlaryň birnäçe metbugatynda bu romana edilen seslenmeler meşhur türkmen ýazyjysyny bütindünýa tanadýar. G.Kulyýewiň “Gara kerwen” romany esasynda Özbegistanyň kinematografiýaçylarynyň döreden iki bölümden ybarat telefilmi, hem-de türkmen kinematografiýaçylary tarapyndan döredilen çeper kinofilmi tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn kabul edildi.

Ussat ýazyjynyň ýene bir öwgä mynasyp eseri “Emiriň ilçisi” atly üç kitapdan ybarat bolan, türkmen we rus dillerinde çap edilen romanydyr. Ýazyjy bu eserinde Owganystan bilen ýaş Sowet respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň döremeginiň we ösmeginiň taryhyndan aýry-aýry sahypalary açyp görkezýär. 1979-njy ýylda “Sowet ýazyjysy” neşirinde çap edilen ilkinji kitapda owgan emiri Amanulla Hanyň 1919-njy ýylyň başynda W.I.Lenin bilen duşuşmak üçin ilkinji diplomatik missiýasyny Moskwa iberendigi barada aýdylýar.

Ýazyjy “Harasatly Kabul” eserinde owgan halkynyň öz döwründäki durmuş ýagdaýlaryny açyp görkezmek bilen şol döwürdäki sowet-owgan dostlukly gatnaşyklarynyň esasy meselelerini beýan edýär.

Beýik ýazyjy öz döwrüniň derwaýys meselelerine ýüzlenip, has takygy üýtgedip gurmak ýyllarynyň geljekdigini 10-15 ýyl öňünden aňyp, ýüze çykan nogsanlyklary ýazgarýan “Gijigen ökünç” romanyny ýazýar.
Bulardan başgada ýazyjynyň “Sen nirede, bagtym?”, “Enäniň gazaby” ýaly eserleri hem bardyr.

Zehinli ýazyjynyň “Ýanbermez alžirli”, “Ýowuz günler”, “Emiriň ilçisi” ýaly romanlary esasynda sahnalaşdyrylan eserlerinden başga hem “Ýürege emr edip bolmaz”, “Saly gowşaklar”, “Wah, siz, erkekler” ýaly drama eserleri ýurdumyzyň teatrlarynda sahnalaşdyryldy.

Seýli ARYŞOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyñ talyby.

Teswirler

Uzukjemal Ataýewa

Makala gowy ŷazlypdyr