Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan halkara ylmy-taslama bäsleşik

2023-nji ýylyň iýun aýynyň 1-5-i aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwerstitetinde “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny” atly Halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär. Bu bäsleşige talyplar we aspirantlar we ylmy işgärler gatnaşarlar. Bäsleşik II tapgyr boýunça türkmen, rus, iňlis dillerinde geçiriler we Durnukly ösüş maksatlarynyň esasan 6 ugurlary boýunça alnyp barlar:

  1. Açlygy ýok etmek;
  2. Arassa suw we arassaçylyk;
  3. Elýeterli we arassa energiýa;
  4. Howanyň üýtgemegine garşy göreş;
  5. Deňziň ekologiki ulgamyny gorap saklamak;
  6. Gury ýer ekologiki ulgamyny gorap saklamak;

Bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we gerimini giňeltmek, şeýle hem talyplaryň azyk howpsuzlygy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugurlary boýunça işlenilip düzülen täze tehnologiýalar we ylmy täzelikler bilen tanyş bolmaklaryny üpjün etmek bolup durýar.

Bäsleşigiň netijesinde her ugur boýunça I, II we III orunlar kesgitlener. Ýeňijiler diplomlar we baýraklar bilen sylaglanar.

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok