Çynar agajy barada

Biziň güneşli ýurdumyzyň çäginde ösýän çynar agajy özüniň berkligi, uzak ýaşaýanlygy bilen tapawutlanýar. Käbir ýurtlarda iki müň ýyldan gowrak ýaşy bolan çynar agajyna hem duşmak bolýar. Şeýle uzak möhlete çenli saklanyp galan bu daragtyň diňe göwrüminiň özüniň 12 metre ýetýändigi bellärliklidir. Alymlaryň çaklamagyna görä, çynar agajynyň iň gadymysy Türkiýede, Bosforyň golaýynda ösýär. 2300 ýyl ýaşy bar diýlip çaklanylýan bu çynaryň boýy 50 metrden geçýär.

Dünýä ylmyndan söz açan meşhur alym Abu Aly ibn Sina «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» atly dünýä belli eserinde çynaryň ýapraklarynyň bogun agyrysyny bejermekde, bogun çişmesiniň öňüni almakda peýdalydygyny belläp geçipdir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda çynaryň ýaýraýyş aýratynlygy, himiki düzümi, peýdalanylyşy, dermanlyk häsiýeti barada gymmatly maglumatlary beýan edýär.

Çynar agajynyň on asyr — müň ýaşaýandygy hakynda hem maglumatlar bar. Ol ynsanyň on iki arkasyny görmäge ukyply diýilýär. Çynar Diýarymyzyň dürli ýerlerinde, esasan-da, Merkezi we Günorta-Günbatar Köpetdagda giňden ýaýrandyr. Magtymguly etrabynyň daglyk obalary, Sumbaryň boýlary, Gökdere, Arçabil belentlikleri, Ahal ýaýlasynyň dag etek ýerleri, Köýtendag dereleri çynaryň iň köp ösýän ýerleridir. Bu täsin köpýyllyk agaç hem dag-derede hem-de ýumşaksy ýerde ösýär-örňeýär. Alymlaryň nygtamagyna görä, onuň astynda sähel wagt dynç almak hem ynsan saglygy üçin peýdalydyr. Eger-de bu agajyň golaý-goltumyndan suw akyp geçýän bolsa, ol ony belli bir derejede süýjetmäge ukyplydyr. Örän berk agaç hasaplanýan çynar neçjarçylyk işlerinde dürli esbaplary ýasamakda ulanylýar.

Çynar gyşyn-ýazyn saýa salyp, ýaşyl dona bürenip oturýar. Gyşda bu agajyň şahalary pür-pudak ýaýradyp, çar tarapa gözellik berýär.

Azada AÝBEKOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok