Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr. Şeýle hem ol dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýa goşulýan gülleriň arasynda-da iň köp ulanylýanlarynyň biridir. Çopantelpegi gülläp başlanda, köküni alman ýygmak maslahat berilýär.
Çopantelpek köşeşdiriji serişde hökmünde ukusyzlyk, aşa duýgurlyk ýagdaýlarynda ulanylýar. Bu derman oty rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, kiçi çagalar we uzak wagtlap dartgynly ýagdaýda bolanlar üçin peýdalydyr. Çopantelpek iň howpsuz derman ösümlikleriniň biridir.
Tebipçilikde bu ösümlik agyryny aýryjy, köşeşdiriji, damar giňeldiji serişde hökmünde hem ulanylýar. Çopantelpegiň sowuklama garşy bolan täsiri guragyryda, bogunlaryň çişmesinde we beýleki çişmelerde peýda edýär. Şeýle hem diş sowuklamasynda çopantelpegiň demlemesine agyz çaýkalsa nepi uludyr.
Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, olary öz wagtynda ýüze çykarmakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny dikeltmekde ýurdumyzyň keramatly topragynda ösýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giňden maglumat berýän Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» we «Çaý — melhem hem ylham» atly kitaplary diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem, halk köpçüligi üçin gymmatly we uly ähmiýetli ylmy çeşmä öwrüldi. Şol kitaplarda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylýan melhem çaýlar saglyk üçin örän peýdalydyr.
Jahan GARRYGULOWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.
Teswirler