Aralyk ekin bolan käşir barada

Käşir sowuga durnukly ekindir. Medeni käşir sary we ak hem-de mämişi-gyzyl reňkli sortlary öz içine alýar. Ösümlik birinji ýylynda ýapraklaýar we etlek düýp miweli kök emele getirýär. Ösümlik ikinji ýylynda ilki bilen ýapraklaýar, soňra baldak, gül we tohum emele getirýär.

Türkmenistanda käşir ýaz we güýz aýlary ösdürilip ýetişdirilýär. Biziň şertlerimizde käşir irki möhletlerde ekilende, birinji ýyl güllemeýär. Käşir saýawanlar maşgalasyna degişli ikiýyllyk ösümlik bolup, ekilen ýyly ýognan kök miwesini emele getirýär. Ikinji ýyl kök miwesi ösüşiniň ahyrynda, saýawan görnüşli gül topbagyny emele getirip, tohum berýär. Baldagy 1-2 metre çenli ösýär. Käşiriň has güýçli ösýän kökleri bolýar. Onuň kökleri 2 metr çuňluga, 0,5 — 1 metr gapdal tarapa ýaýrap ösüp bilýär. Käşir ekmek üçin aralyk, ýeňil toprakly, organiki we mineral maddalara baý, haşal otlardan, zyýankeşlerden arassa topraklar saýlanyp alynýar.

Käşiri ekmek üçin toprak taýýarlananda, ýerli dökün berlip, ýerler 30 — 35 santimetr çuňlukda şüdügärlenýär. Sürümden soň ýerleriň ýüzi dik-kese tekizlenip, joýa çekilýär we tagt suwy berilýär. Tagt suwdan soň ýerler taba gelende dik-kese çizel borona geçirilip, täzeden aralygy 70 santimetr bolan joýa çekilýär. Yzgarly ýere tohum sepseň, tiz we endigan gögeriş berýär. Ekiş Türkmenistanyň günorta etraplarynda iýul aýynyň 1 — 10-y aralygynda, demirgazyk etraplarynda iýun aýynyň 5 — 15-i aralygynda geçirilýär. Ol bugdaý hasyly doly ýygnalandan soň aralyk ekin hökmünde ekilip, ondan ýokary hasyl alynýar.

Gök ekerançy kärendeçiler käşir ýetişdirip, ondan ýokary hasyl almagyň dürli usullaryny, möhletlerini ulanýarlar. Şol usullaryň, möhletleriň iň amatlylarynyň biri aralyk ekinleri ekmekdir. Bugdaý meýdany ýa-da bugdaý hasyly doly ýygnalandan soň indiki ekiş döwrüne çenli aralyk ekinler, ýagny käşir, turp, nohut ýaly gök ekinler bilen bir hatarda, mekgejöwen, jöwen, dary ýaly ot-iýmlik ekinler-de ekilýär. Bu bolsa ekin meýdanlarynda ekin dolanyşygyny geçirmäge, haşal otlaryň azalmagyna, ýeriň, topragyň gowulanmagyna getirýär. Ýylyň dowamynda ýerden iki hasyl almaga mümkinçilik berýär. Aralyk ekin hökmünde ösdürilip ýetişdirilýän käşirden her ýyl ýurdumyzyň kärendeçileri bol hasyl ýetişdirip, ýokary girdeji alýarlar. Netijede, halkymyzy ter, ekologiýa taýdan arassa, elýeter bahaly önümler bilen üpjün etmäge mümkinçilik döreýär.

Aýmuhammet AMANLYÝEW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok