Ýewropadaky iň baý ýurt – Lýuksemburg

Lýuksemburg – adam başyna düşýän jemi içerki önümiň möçberi 128,820 dollar (2023ý) bolup, Ýewropanyň iň baý ýurdy hasaplanylýar. Birnäçe halkara banklar we maýa goýum kompaniýalary Lýuksemburgyň paýtagtynda ýerleşýär. Şeýle hem Lýuksemburgyň gülläp ösmegine polat pudagy, ýokary hünärli işçi güýji we durmuş derejesi ýokarylygy itergi berýär. Ýurduň saglygy goraýyş ulgamy we durmuş üpjünçiligi maksatnamalary hem örän ajaýyp. Ýurtda raýatlarynyň girdejileri hem ýokary bolup durýar.

Lýuksemburg dünýäniň iň baý ýurdy Katardan soň ikinji ýerde durýar. Ýurduň takmynan 626.100 ilaty bar. Lýuksemburg dünýäde ikinji orunda durýan maýa goýum gaznasy merkezidir.

Lýuksemburg howpsuz we owadan ýurda öwrülip, ​​infrastrukturasyna köp maýa goýum goýdy. Ykdysady şertler ajaýyp we ýurduň bazarlary dünýäniň dürli künjeklerinden maýa goýujylary yzygiderli özüne çekýär.

Baý medeniýete we sungat atmosferasyna eýe bolan Lýuksemburgda häzirki zaman şäher durmuşy we gyzykly syýahatçylyk duralgalary, şeýle hem täsirli taryhy binalar bar. Lýuksemburg Ýewropanyň taryhy taýdan iň möhüm şäherlerinden biridir.

Resul ANNAMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok