Oba hojalygynyň netijeliligi – azyk bolçulygynyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşli Diýarynda günlerimiz baky bagtyýarlyga beslenýär, ähli ugurlar babatda ýokary netijeler gazanylýar. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň önümçilik möçberiniň artdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna şert döredýär. Oba hojalygyny hemmetaraplaýyn özgertmegiň we pudagyň bar bolan mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň netijesinde, obasenagat toplumynda ägirt uly üstünlikleriň gazanylýandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Dürli ugurlar boýunça tejribe, maglumat, bilim we tehnologiýalary alyşmak, bu ugurda bar bolan dürli meseleleriň çözülmegine utgaşykly çemeleşmeleri işläp taýýarlamak obasenagat toplumynyň kuwwatlyklaryny pugtalandyrmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýär. Azyk senagaty ulgamynda täzeçil ýörelgeleri işjeň ilerletmegiň zerurdygyna aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda «akylly» oba hojalygy örän möhüm ugur bolup durýar. Ýurdumyzda maksatnamalaýyn işleriň çäklerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Oba hojalyk önümçiligini howa şertlerine uýgunlaşdyrmak, pudaklaýyn önümçiligiň zerurlyklaryny nazara almak bilen, onuň ýerleşdirilişini işjeňleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Oba ýerlerinde täze ykdysady gatnaşyklary, dürli hojalyk ugurlary üçin bäsdeşlige ukyply gurşawy döretmek, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, oba hojalyk ylmyny, tohumçylygy ösdürmek, täzeçil usullary, menejmentiň, marketingiň öňdebaryjy ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, durmuş meselelerini üstünlikli çözmek obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň möhüm ugurlary hasaplanýar. Topragyň hilini gowulandyrmak, ekerançylykdan alynýan hasyly artdyrmak, tohumçylygy kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň bu pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak pudagyň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Bu pudaga döwlet tarapyndan goldaw bermegiň netijesinde onuň döwrebaplaşdyrylmagyna, oňa degişli ugurlaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, şol sanda gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleriň önümçiligi boýunça zawodlaryň gurulmagyna maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde oba hojalygyny tehniki hem tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy esasynda, täzeçil usulda ýerine ýetirilýär. Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özgertmeleriň täze tapgyry amala aşyrylýar. Şunda sebitleriň ilatynyň durmuş derejesiniň düýpli özgerdilmegine gönükdirilen anyk işlere aýratyn orun berilýär. Bularyň ählisi bolsa, oba hojalyk pudagynyň ýylsaýyn barha ösmegine, azyk howpsuzlygynyň berkarar edilmegine uly itergi berýär. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň özümizde öndürilýän önümleriň içerki bazarlardaky üpjünçiligini we oba hojalyk pudagynyň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegini şertlendirýär.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok