Garagum — ýüregim!

«Tebigata mahsus ähli ajaýyplyklar biziň topragymyzda bar. Bir tarapy Köpetdag, beýleki tarapy Köýtendag, Garagum çöli bolsa şol daglara berkidilen sallançaga meňzeýär. Bir seretseňem, çägesine altyn garylan Garagum türkmeniň mukaddes desterhanyna çalym edip dur.»

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Türkmen tebigatynyň täsinlikler dünýäsini özünde jemleýän Garagum sährasy hiç bir adamy biparh goýmaýar. Çar tarapy gözýetime çenli uzaýan sähranyň keşbinde ynsan kalbyna ýakynlyk bar. Ymgyr Garagum sähramyz özüniň gaýtalanmajak gözellikleri bilen bagtyýar raýatlarymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi türkmen tebigatyny, şol sanda Garagum sährasynyň hem iňňän täsin we ajaýyp tebigy gözelligini gorap saklamak, bu ümmülmez sähranyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de geljekki nesillere miras goýmak meselesine ägirt uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär.

Garagum sährasynyň baý ösümlik dünýäsiniň diňe ekologiýa babatda däl, eýsem, ynsan saglygy üçin örän ähmiýetlidigini, olaryň her biriniň häsiýetli aýratynlyga eýedigini hemmämiz bilýäris. Onuň ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we ony nesillere ýetirmek biziň borjumyzdyr. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum sährasy ýylyň ähli paslynda-da tebigy gözelliklere diýseň baý. Baharyň jana ýakymly günlerinde seýrana çykmak, tomsuň nurana gijelerinde ak alaňlara çykyp, ýyldyzlary synlamak, tyllaýy güýzlerde sarymeňiz keşbe giren ösümlikleriň gözelligine maýyl bolmak, ak garly gyşlarda towşan yzly depelere çykmak her bir adamy Garagumuň gudrat-keremine bendiwan eýleýär.

Humaý HUDAÝBERDIÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok