Düýp sogan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda oba hojalygy hem yzygiderli ösdürilýär. Bu pudaga häzirki zaman tejribeleri, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu işler türkmen halkynyň gadymdan gelýän daýhançylyk däpleri bilen üstünlikli utgaşdyrylýar. Ekilýän ekinleriň görnüşlerini diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly oba hojalyk önümleriniň eksport edilýän mukdary yzygiderli artdyrylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda esasan, düýp soganyň ajy, ajymtyk we ajy däl görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Soganyň bu görnüşleri iki ýylda ösdürilip ýetişdirilýär. Sogan birinji ýyl düýp berip, ikinji ýyl gülläp, tohum berýär.

Sogan sowuga çydamly ösümlikdir. Soganyň tohumlary +3, +5 dereje ýylylykda gögerip başlaýar. Ýapraklaryň ösmegi üçin +12, +25 dereje, düýbüniň emele gelmegi üçin +20, +30 dereje ýylylyk amatlydyr. Ondan ýokary ýylylykda soganyň düýbi ownuk bolýar. Soganyň tohumdan gögerip çykan ösüntgileri –2, – 3 dereje sowuk howa çydap bilýärler. Sogan gögerip çykandan düýp tutýança yzgary köp talap edýär. Yzgar ýeterliksiz bolanda sogan gowy düýplemeýär, şeýle hem soganyň hasyllylygy peselýär. Emma ýetişýän döwründe yzgara bolan talaby peselýär. Ol ýagtylygy söýüji ösümlik. Şeýle-de soganyň topraga we iýmit maddalaryna bolan talaby hem ýokary.

Düýp sogany ösdürip ýetişdirmek üçin haşal otlardan arassa bolan gurply ýerler saýlanyp alynmaly. Topragy ekişe taýýarlamak güýz sürüminden başlanýar. Ýaz pasly gelende tagt suwy tutulyp, ýerler taba geleninden soň, 70 santimetr inlilikde geriş çekilýär. Düýp sogany almak üçin ekişi fewral aýynyň ahyryna, mart aýynyň başyna geçirmek amatly. Sentýabr aýynyň başynda düýp soganyň soganlyk hasyly ýetişýär we ol ekin meýdanlaryndan ýygnalyp alynýar.

Jahan NURYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok