Antarktidada haýsy haýwanlar ýaşaýar?

Antarktida ýaşamak üçin iň kyn sebitleriniň biri bolup durýar. Bu ýerde ýaşaýan jandarlar hem sebitiň aňzak sowugyna çydamly ýagdaýa öwrüldiler.

Antarktidada hiç bir haýwan hemişelik ýaşamaýar. Antarktidanyň töweregindäki deňizlerde balyklar, pingwinler, düwlenler, delfinler, suw pilleri, leňňeçler, deňiz guşlary (burewestnik, albatros) ýaşaýarlar. Bu haýwanlaryň köpüsi sowuk we şemally howa şertlerine uýgunlaşanlygy sebäpli hemişelik ýaşaýarlar.

Antarktida dünýäniň iň sowuk materigi hasaplanylýar. Materigiň seýrek ösümlik görnüşi bar. Suwdaky ösümlik dünýäsi haýwanlaryň ýaşaýşy üçin örän amatly bolup durýar. Bu ýerde ýaşaýan haýwanlaryň howa uýgunlaşyp bilýän bedenleri bar.

Antarktidanyň suw gurşawynda ýaşaýan käbir haýwan görnüşleri köplenç iýmit gözlemek üçin başga ýere göçýärler. Bu ýere öwrenişen haýwanlar iýmit ýene bol bolan ýagdaýynda täzeden sebite gaýdyp gelýärler.

Oraz ANNAMYRADOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok