Ýurdumyzyň gymmatly hazynasy

Zirk gülli ösümliklere degişli bolan medeni we dermanlyk ösümlikdir. Onuň boýy 1-5 metre ýetip, aram we subtropik klimatly ýerlerde ösýän gyrymsy agaçdyr. Görnüş dürlüligi Aziýa ýurtlaryna has köp ýaýrapdyr. Zirk Diýarymyzda Uly Balkanda, Günorta-Günbatar Köpetdagda duş gelýär we Magtymguly etrabynda bolsa ony köpçülikleýin ösdürip ýetişdirýärler.

Zirk — zirkler maşgalasynyň adybir urugynyň wekili bolup, boýy 2 — 4 metre ýetýän gyrymsy agaçdyr. Ol dag derman ösümligi. Zirk ülkämizde deňiz derejesinden 1200 — 1600 metr belentlikde bitýär. Ol daşly eňňitlerde boý alýar. Aprel, awgust aýlary gülleýär we miweleýär. Ol tohumy we kök çykyntgylary arkaly köpelýär.

Zirkiň giň ýaýran görnüşi ýewropa zirki ady bilen tanalýan «berberis» atly görnüşidir. Zirk ösümliginiň köp görnüşleriniň baldaklarynda we ýapraklarynyň gyralarynda tikenleri bolýar. Ýapragyny düşürýän görnüşleriniň güýzüne özüne çekiji owadan gülgüne ýa-da gyzyl reňkleri bolýar. Zirkiň bezeg üçin ekilýän görnüşlerinde garamtyl, gyzyldan mämişi reňke çenli ýapraklary bolýar. Açyk sary ýa-da goýy sary reňkli gülleri ýekelikde ýa-da topbak görnüşinde emele gelýär. Miweleri 5 — 15 millimetr ululykda silindr şekilli bolup, bişip ýetişende gyzyl ýa-da gara gyzyl reňke eýe bolýar. Onuň daşynda gülgüne ýa-da melewşe örtük bardyr.

Zirk C witamine baý, ýiti turşy tagamlydyr. Bu ösümligiň miweleri mürepbe gaýnatmakda we dürli içgilerde süýjülik tagamyny bermek üçin ulanylýar. Zirkiň guradylan miweleri halk lukmançylygynda peýdalanylýar. Onuň düzüminde izokwinolon toparynyň alkaloidleri, aýratyn hem beriberin köp mukdarda saklanýar. Zirkiň şahalaryndan, köklerinden we gabyklaryndan sary reňkli boýag hem alynýar.

Zirk agajy türkmen milli tebipçiliginde hem halk lukmançylygynda ýüregiň işleýşini güýçlendirmekde, gan basyşyny peseltmekde, öt haltasynyň, dalagyň, böwregiň kesellerinde, gany arassalamakda giňden peýdalanylýar.

Dilber ŞIRALYÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok