Sapaly söwüt saýasy

Ata-babalarymyzyň yhlas bilen ýetişdiren daragtlarynyň hatarynda söwüt aýratyn ähmiýetlidir. Pähimdar pederlerimiz: «Toraňňy saýasy şypa getirer, söwüt saýasy — sapa» diýip, söwüdiň yssy howadan goramakda ähmiýetiniň uludygyny beýan edipdir.

Diňe bu hem däl. Söwüt, käbir ýerlerde atlandyrylyşy ýaly, tal ekerançylyk üçin zerur bolan hojalyk gurallaryny ýasamakda, şeýle-de çybyklary çöl ýerlerde agýan çägeleri berkitmekde, sebet, mebel ýasamakda ulanylýar. Söwütleriň gabygynda dermanlyk ähmiýeti bolan glikozid, salisin bar. Onuň ýasy, çylgam-çylgam gabygy derä eý bermekde peýdalanylýar.

Söwüt sähel yzgara boý alyp bilýän agaç hasap edilýär. Muny «Damja suwdan tal çykar» diýen nakyl hem tassyklaýar.

Gadymy edebi ýazgylarda halk içinde belent mertebä eýe bolan pygamberlerdir ýagşyzadalaryň hümmet hasalarynyň ak söwütlerden ýasalandygy aýdylýar.

Mahmyt Kaşgarlynyň 1074-nji ýylda ýazan «Diwanu-lugat et-türk» diýen sözlüginde «Gür söwüde guş gonar, görkli gyza söz aýdyjy geler» diýen nakyl bar. Diýmek, bu agaç halkymyzyň ruhy dünýäsinde ýagşy işe ýol açyjy, ýaran hökmünde görülýär.

Baýramgül ALLABERDIÝEWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok