Sagatlar barada

Iň çydamly sagat

Häzirki wagtda el sagatlarynyň köpüsi suw geçirmezlik ukybyna eýe. Ýöne 2009-njy ýylda «Basel  World» segisinde görkezilen «CX Swiss Military Watch» sagatlaryny bu ugurda iň ýokary derejä ýeten sagat hasaplasa bolar. Geçirilen barlaglardan soň, suwda 6 kilometr çuňlukda işläp bilýändigi subut edildi.

Iň uly sagat

Saud Arabystanyň Er-Riýad şäherindäki Mekge sagady dünýädäki iň uly sagat hasaplanylýar. Munuň üçin ýeterlik esas bar. Bu sagat 425 metr belentlikde ýerleşip, ony gijelerine 17 kilometr, gündizlerine 12 kilometr uzaklykdan görmek bolýar.

Iň haýal sagat

Siz sagatlaryň ählisi deň hereket edýändir öýdýäňizmi? Ýok, bu beýle däl. Zimmer atly minaradaky sagat 25 müň 800 ýylda bir doly aýlaw edipdir. Şol hem iň haýal sagat hökmünde hasaba alnypdyr.

Mergen ZAKIRJANOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok