Gazagystan Türkmenistan we Russiýa bilen Hazaryň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak meselesini degişli teklipler gelen halatynda ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Maý aýynda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» maslahatynyň çäklerinde Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazaryň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.
Gazagystanyň senagat we infrastruktura ösüş ministrligi Hazar deňziniň gündogar kenary boýunça awtomobil ýolunyň gurluşygy meselelerini gyzyklanýan taraplaryň başlangyjyny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny mälim etdi.
Bu ýol Hazaryň kenary bilen bökdençsiz gatnawlary ýola goýmaga hem-de ýurtlaryň arasynda ulag mümkinçiliklerini artdyrmaga şert döreder.
Ýeri gelende belläp geçsek, Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenistana amala aşyran saparynda Hazaryň kenarýakasynda aýlaw ýoluny gurmak taslamasy öňe sürlüpdi.
Begmyrat AŞYROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler