Wodorod energiýasyna üns ýokarlanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň görkezmelerinden ugur alyp, energiýa serişdelerini tygşytly we rejeli ulanmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek arkaly ondan täze-täze önümleri öndürmek, ýurdumyzda önüm bolçulygyny emele getirmek, ösen bazar şertlerinde ýokary hil derejesine laýyk gelýän bazara ýaramly, bäsleşige ukyply önümleri öndürmek arkaly ýokary ykdysady netijeleri gazanmak nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan esasy meselelerdir.

Ýurdumyz uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar we bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Şu jähtden, ýurdumyzyň alyp barýan energetika diplomatiýasy häzirki wagtda dünýä döwletleri bilen bir hatarda, abraýly halkara guramalaryň derejesinde hem giň goldawa eýe bolýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnamalaryň ikisiniň biragyzdan kabul edilendigini görkezmek bolar.

Wodorod energetikasy – wodorody daşamakda, öndürmekde we sarp etmekde goşmaça energiýa serişdesi hökmünde ulanmaga esaslanan energetikanyň pudagydyr. Dünýäde wodorod önümçiliginiň esasy çeşmeleri üç düzüme bölünýär ýagny, ilkinji nobatda gaz we nebitiň gaýtadan işlenmegi, kömrüň gaýtadan işlenmegi hem-de «ýaşyl» wodorodyň hasabyna ýagny, suwuň elektrolizlenmegi bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Umuman, ýurdumyzda alternatiw energiýa serişdeleri, hususan-da, wodorod energetikasy babatda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Ekologiýa şertleriniň we howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleleriň barha derwaýys häsiýete eýe bolýan döwründe wodorod ýangyjyny öndürmegiň hem-de ony peýdalanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek örän wajypdyr.

Bahar ÇARYÝAROWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok