Tebigaty goramak meselesi – täze döwrüň ösüşli ýolunda

Häzirki wagtda tebigaty goramak meselesi ähli dünýä ýurtlarynyň durnukly ösüşiniň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, dünýä derejesinde umumadamzat ähmiýetli ekologik başlangyçlar öňe sürülýär. Ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan bu ugurdaky syýasaty netijesinde döwrüň ählumumy wezipelerini üstünlikli çözmäge gönükdirilen netijeli işlere badalga berilýär. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara tagallalara goşulmagyň, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň, ilat üçin amatly durmuş şertlerini döretmegiň hasabyna ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek döwletimizde alyp barylýan tebigaty goramak strategiýasynyň möhüm wezipeleriniň özeninde durýar. Türkmenistan ýurdumyz BMG-niň çäklerinde Araly halas etmegiň halkara gaznasy we beýleki abraýly guramalardyr düzümler bilen özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini esasy ugur edinýär. Ýurdumyzda suw meselelerini çözmekde oňyn netijeleriň gazanylýandygyny bellemek zerur. Döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenen suw diplomatiýasy durmuş taýdan möhüm ugurdyr. Bu ugra häzirki zamanyň ekologik taýdan arassa, kämil tehnologiýalaryň yzygider ornaşdyrylýandygy we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna netijeli gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, zerur çäreler durmuşa geçirilýändigi guwandyryjydyr. Şunuň bilen baglylykda, iri milli taslama bolan «Altyn asyr» Türkmen köli çylşyrymly gidrotehniki desga hökmünde döwür üçin wajyp bolan ekologik, ykdysady we durmuş meselelerini çözmäge, ýurdumyz üçin hem-de tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin möhüm bolan ekologik abadançylygy üpjün etmekde aýratyn ähmiýetlidir. Suw serişdelerini rejeli peýdalanmak arkaly oba hojalyk önümçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak azyk howpsuzlygynyň berkidilmeginde esasy orny eýeleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe diýarymyzda yzygiderli ýaýbaňlandyrylýan dürli maksatly ekologik çäreler ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm şertini emele getirýär. Şeýle-de milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda tebigaty goramak boýunça häzirki zamanyň hil taýdan täze usullarynyň ulanylmagy oňyn netijeleri berýär. Bular bilen birlikde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekilýän bag nahallary, gök zolaklary amatly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär. Şeýle hem ýurdumyzda pudagyň kadaly ösüşine gönükdirilen kanunçylyk-hukuk binýady döredildi we ol yzygiderli kämilleşdirilýär. Biologik dürlüligi gorap saklamak, tokaý zolaklaryny döretmek, «ýaşyl» ykdysadyýeti we ekologiýa diplomatiýasyny işjeňleşdirmek ugrunda ägirt uly işler alnyp barylýar. Jemgyýetimiziň ekologik medeniýetiniň ýokarlanmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli tokaý maksatnamasy howanyň üýtgemegi zerarly emele gelýän ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşde umumydünýä işlerine mynasyp goşantdyr. Geçen ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen giň möçberli mowzuklaýyn ekologik maslahatyň geçirilmeginiň özi-de möhüm wakadyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda mynasyp dowam etdirilýän ählihalk çäresine öwrülen bag nahallaryny oturtmak işleri her ýylda amala aşyrylýar. Munuň özi aýratyn hem, ýaşlarda watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, halallyk, daşky gurşawa, tebigata söýgi ýaly asylly häsiýetleri hem-de ekologik medeniýeti kemala getirmäge uly ýardam edýär.

Alymuhammet ŞÜKÜROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok