ABŞ-nyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda taryhy duşuşyk

Ýañy ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Tehas uniwersitetiniň taryhy binalary dikeletmek boýunça hünärmenleri Türkmenistanda iş saparynda bolup, ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerini öwrenmek we rejeleýiş işlerini alyp bardylar.

«Türkmenistan» gazetinde habar berilmegine görä, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Baýramaly şäheriniň golaýynda ýerleşýän Hudaýnazar mawzoleýinde alnyp baryljak işleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirildi. Geçirilen duşuga Tehas uniwersitetiniň taryhy binalary dikeltmek boýunça hünärmenleri we beýleki wekiller gatnaşdy. Türkmen tarapyndan Döwlet muzeýiniň direktory, we beýleki ugurdaş pudaklaryň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň ahyrynda muzeýin sergi bölümlerine baryp gören myhmanlarda uly täsir we ýakymly ýatlamalar galdyrdy.

Bägül ÝAZMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok