Tut agajyny gowy görmeýän beri barmyka?! Jöwzaly tomus günlerinde kölegesinde oturmagyň şypasy bir aýry. Berdaşlylygy, mert hem gözelligi bilen gözüňi egleýän daragtlaryň biri ol. Eliň aýasy ýaly ýaprakly, timarlanan şahalarynyň asmana uzap ösüşiniň özi haýran galdyrýar.
Dünýäde tut agajynyň 24 görnüşi mälimdir. Olaryň ählisi-de tropik, subtropik we aram zolaklara ýaýrandyr. Tut agajy ösdürip ýetişdirilýän has gadymy ösümlikleriň biri hasaplanýar. Ol adamyň alyp barýan işi we ýüpek gurçuklaryny idetmek bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Türkmenistanda tuduň 2 görnüşi, ýagny ak we gara tut ösýär. Olaryň ikisi-de ýurdumyzyň düzlük ýerleriniň oazislerindäki suwarymly meýdanlarda we dag jülgelerinde hem-de dag eteklerinde duşýar. Ak tut ähli ýerlerde ösýär we köp ýaýrandyr, gara tut bolsa juda seýrekdir.
Tut agajyny ösdürip ýetişdirmek we köpeltmek uly ähmiýete eýedir. Onuň ýüpekçiligi ösdürmekde hem peýdasy uludyr. Tut köpýyllyk agaçdyr. Her ýylda onuň çybyklaryny kesmän, amatly şertlerde ösdüreniňde, bu agajyň boýy 20 metrden hem geçýär. Onuň sütüni bolsa 1,5 metrden gowrak ýognaýar. Tut agajynyň daşky görnüşi, ösüş şertlerine baglylykda dürli-dürli bolup biler. Eger ol kesilmän, yzgarly toprakda, maýyl howada hem-de ýagtylyk kadaly düşýän şertlerde ösdürilen de, onda ol beýik, çar tarapa tegelek görnüşde ýaýrap ösýär.
Alymlar tut agajynyň 300 ýyldan 500 ýyla çenli, hatda şondan hem köp ýaşaýandygyny, onuň aýratyn idegi talap etmezden, yssa, guraklyga ýa-da howanyň tiz üýtgemegine çydamly ösümlikdigini belleýärler. Şundan hem görnüşi ýaly, ýurdumyz tut agajyny ösdürmek üçin örän amatly ýer hasaplanýar.
Janyňyz tut ýaly sag bolsun!
Öwezberdi KADYROW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň talyby.
Teswirler