Ileri tutulýan pudak

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ýüpekçilik ileri tutulýan pudaklaryň birine öwrüldi. Oba hojalygynyň ösüş maksatnamasynda ýüpekçilige uly orun berilýär. Häzirki wagtda halkymyzyň ýüpek önümlerine, ýüpek matalaryna we dünýä belli ýüpek halylaryna daşarky bazarlarda hem isleg artýar. Şol esasda piläniň bereketli hasylyny öndürmek, dokma senagatymyzy ýokary hilli ýüpek çig maly bilen üpjün etmek boýunça giň mümkinçilikler döredilýär.

Türkmenabatdaky ýüpek fabriginde kelepleýji sehiň işe girizilmegi, Aşgabadyň ýüpek fabriginiň durkunyň doly täzelenmegi oňa aýdyň mysaldyr. Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginiň ýüpek öýme gyňaçlary öňdebaryjy dünýä nusgalaryndan birjik-de kemlär ýaly däl. Hytaýyň häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýasy ornaşdyrylan Aşgabadyň ýüpek fabriginde halkara standartlaryň talaplaryna laýyk gelýän ýüpek halylary we matalary dokamak üçin ulanylýan ýüpek ýüplügi öndürilýär hem-de şol halylar dokalýar.

Ýurdumyzyň dokma senagatyna hyzmat edýän ýüpekçiligi ösdürmek, esasan, tut ýapraklaryna bagly. Çünki tut agajynyň ýapraklary ýüpek gurçuklarynyň esasy iýmiti bolup durýar. Bir gap ýa-da bir guty gurçuk tohumyny idetmek üçin, ortaça, bir tonna golaý arassa tut ýapragy gerek bolýar. Tut agaçlarynyň öz wagtynda düýbüniň ýumşadylyp, dökünlenmegi we suwarylmagy her bir tut agajynyň ortaça 30 — 35 kilogram ýaprak bermegini üpjün edýär. Şol esasda hem ýöriteleşdirilen ekin meýdanlarynda, şeýle hem daýhan birleşikleriniň ençemesinde her ýyl tut agaçlarynyň müňlerçe nahallary ösdürilip ýetişdirilýär. Ekerançylyk ýerleriniň gyrasyna tut agaçlarynyň ekilmegi pagtany, beýleki oba hojalyk ekinlerini epgekli ýelden goraýar.

Türkmen ýüpegi biziň gyz-gelinlerimiziň göz-guwanjy. Çeper elli zenanlarymyz ondan keteniniň dürli görnüşlerini, gyrmyzy donluklary, sowsany matalary, gyňaçlary, halylary dokapdyrlar, egin-eşikleri tikipdirler. Zenan maşgalalaryň milli eşiklere salýan nagyşlary hem ýüpek sapaklar bilen gaýalýar. Ýüpek lybaslary geýen gelin-gyzlarymyz bolsa gyzyl-çog bolup, türkmeniň läle-reýhana gark bolan ýaşyl ýaýlalaryny ýatladypdyr. Ýüpekden dokalan keteniden tikilen milli lybaslarymyz asyrlaryň dowamynda öz durkuny, biçüw aýratynlygyny, bezelişini üýtgetmän gelýär. Görküne görk goşýan milli şaý-sepler bilen bezelen ýüpek lybaslar zenanlaryň iň naýbaşy egin-eşigi hasaplanýar.

Bekmurad GALANDAROW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok