Söz äleminiň zergäri

Magtymguly türkmen edebiýatynda, halkymyzyň taryhynda öçmejek yz galdyran äleme belli beýik şahsyýetdir. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ynsan kalbynyň öçmejek nurudyr. Ýurdumyzda söz ussadynyň pähim-paýhasly döredijiligini çuňňur öwrenmek hem-de dünýä ýüzünde wagyz etmek bilen bagly tutumly işler alnyp barylýar.

Hä­zir­ki wagt­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk şan­ly se­ne­si­ni giň­den bel­le­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Mu­nuň özi şa­hy­ryň ede­bi mi­ra­sy­ny yl­my esas­da öw­re­nip, halk köp­çü­li­gi­ne, şeý­le hem gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlarynda watansöýüjiligiň belent nusgasyny terbiýelemekde beýik söz ussadynyň şygyrlary nusga hem ýol-ýörelge bolýar. Dürdäne pikir-paýhaslary il-güne bagyşlan dana şahyr halkymyzda şygyr bossanynyň bilbili saýylypdyr. Çünki akyldar Magtymguly Pyragynyň çuňňur manyly şygyrlary olary okan we diňlän adamlaryň kalbyna siňýär we ýüreginiň töründen orun alyp, ruhy lezzet eçilýär.

Goý, öz ýurdunyň beýik şahsyýetleriniň mertebesini öňküden-de beýgeldip, il-halkynyň alkyşyna mynasyp bolýan mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň başlary dik, janlary sag, alyp barýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Güljeren ABAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok