Mälim bolşy ýaly düýn ýagny 7-nji aprelde ýurdumyzda Bütindünýä saglyk güni dabaraly bellendi. Milli senenamamyzda orun alan saglygyň, sportuň hem-de ruhubelentligiň baýramyna bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýörişler, dürli sport ýaryşlarydyr çäreleri geçirildi.
Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dürli bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport çäreleri, ýaş türgenleriň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýokary ruhubelentlige beslenen bu çärelere watandaşlarymyz, aýratyn-da, ýaşlar işjeň gatnaşdylar.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Bütindünýä saglyk güni «Hazar — dostluk deňzi» motoýörişi ýaly halkara çäreler, «Arkadag» futbol toparynyň döredilmegi, türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda Aşgabatda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň we Halkara pediatriýa merkeziniň düýbüniň tutulmagy, abraýly halkara sport ýaryşlarynda uly üstünlikleriň gazanylmagy ýaly şanly wakalar, hoş habarlar bilen utgaşyp geldi.
Bütindünýä saglyk gününiň halkara derejede bellenilmegi 1948-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň tertipnamasynyň güýje giren senesi bilen baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza baştutanlyk eden ýyllarynda Diýarymyzda Bütindünýä saglyk gününi giň gerim bilen bellemek asylly däbe öwrüldi. Bu asylly däp Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.
Myrat ATABALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler