Pasha baýramy

Hristianlaryň iň gadymy we iň möhüm baýramlaryndan biri bolan Pasha köp däp-dessurlary öz içine alýar. Pasha üçin Pasha süýjülik tortlary taýýarlanylýar we gaýnadylan ýumurtgalar boýalýar.

Pasha aslynda arameý dilinde «Paskha», ýewreýçe «Pesah», grekçe «Paskha» diýlip atlandyrylýar. Bu baýramçylyk Isanyň direlmegi mynasybetli bellenilip geçilýär.

Pasha döwri mart aýynyň ahyryndan aprel aýynyň ahyryna çenli dowam edýär. Bu döwürde dünýäniň birnäçe döwletlerindäki ybadathanalarda bu baýram uludan bellenilip geçilýär.

Pasha baýramçylygy ýurtlara görä dürli-dürli bellenilýär. Adatça, hristianlar reňkli ýumurtgalary, Pasha süýjüliklerini, şekilli şokoladlary sowgat edýärler.

Pasha gijesinde köpçülikleýin katolik we prawoslaw ybadathanalarynyň daşynda ýöriş geçirilýär. Ýörişden gaýdyp barylýarka yşyklar we şemler ýakylýar.

Kemal BAGTYÝAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok