Ogulabat Berdimuhamedowa aradan çykdy

Mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban ejesi, külli türkmen käbesi Ogulabat eje 86 ýaşynda aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi.

Ogulabat Berdimuhamedowa Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 1937-nji ýylyň 15-nji iýunynda dünýä inýär. Ogulabat eje biziň ählimize, hususan-da, ýaş gelin-gyzlarymyza nusgalyk zenandyr. Onda türkmen zenanyna mahsus salyhatlylyk, kanagatlylyk, döwletlilik, belent adamkärçilik, maşgala ojagyna wepalylyk, çeper ellilik aýratynlyklary jemlenendir. Bu aýratynlyklary alym Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserinde giňden beýan edýär.

Goý, merhumyň jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty, imany hemra bolsun!

Teswirler

Akmyrat Huddyýew

Mekanı cennet olsun inşallah 🤲

+99361213330

Ятан йериниз ягты болсын .Жайыныз ,ЖЕННЕТДЕН, БОЛСЫН .

+99364190282

Yzy yarasyn iymanly bolsun Alla iman baylygny bersin taze dunyasi awat bolsun Alla tagala onunnen Jennet gapysyn acyp gars alsyn Yzynna galan Ogul gyzynada Alla kuwat bersin

Yowyyew Kakageldi

Enemiz yatan yeriniz yagty bolsun mydam kalbymyzda baky yasharsynyz