Güýzlük bugdaýy ösdürip ýetişdirmek

Bugdaý bir ýyllyk iýmitlik maksady üçin ulanylýan we ekinleriň soltany hasaplanýan medeni ösümlikdir. Bugdaý gektardan 25-50 kä halatda 70 sentner çenli hasyl berýär. Bugdaý ununyň häsiýeti boýunça ýumşak we gaty bugdaý sortlary tapawutlanýar. Bugdaýy ösdürip ýetişdirmek üçin oňa bildirilýän talaplary berjaý etmeli.

Topraga talaby. Bugdaýdan ýokary hasyl almak üçin gurply, mes topraga ekmeli. Topragyň PH görkezijisi 6-7,5 bolanda oňat ösýär.

Ýylylyga talaby. Güýzlük bugdaý üçin ýylylygyň ýokary bolmagynyň zerurlygy ýok. Gögermegi üçin +1 +2 C  ýylylyk ýeterlik . Gögerişden soňra ýaş maýsalaryň ösüşi gyş aýlaryň gelýändigi sebäpli togtaýar. Ýaz aýlarynyň gelmegi we howanyň maýlamagy bilen ösüşini ýene dowam edýär. Kadaly ösmegi üçin ýaramly temperatura +22 +26 C hasaplanýar.

Döküne talaby. Sürümden öň gektara 400 kg fosforly, 50-70kg kaliýli dökünleri we 20-30 tonna ders bermeli. Ekişden 40-50 gün soňra gektara 150 kg karbamid berilýär. Fewral aýynyň ahyryna we martyň  başynada 200-500 kg ammiak selitrasy berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda  bugdaý meýdany 690 müň gektary eýelär. Bugdaýyň peýdalary köpden bäri bilinýär. Ýöne onuň peýdasy sarp edilýän görnüşine bagly bolup durýar. Bugdaý gaýtadan işlenilende ýokumlylyk häsiýetleriniň 40%i ýitýär. Kepekli iýmitleriň arasynda bolan bugdaý däne sarp edişini üpjün edýänligi sebäpli köp kesellere diýseň peýdalydyr. Berhizlik bugdaýyň düzüminde A, C, E, K witaminleriň, demir, kalsiý we fosforyň bardygy görkezilýär.

Ysmaýyl HALMUHAMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok