Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň altyn geljegi bolan ýaşlaryň bilim almagy we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde bilim ulgamy täze belentliklere göterilip, munuň özi ýaş nesilleriň zehinini we ukyp-başarnyklaryny irki ýaşdan ýüze çykarmaga ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir» diýip belleýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldawyň yzygiderli artmagy hem doly şaýatlyk edýär. Ylmy edaralara, ýokary okuw jaýlaryna, orta mekdeplere, mekdebe çenli çagalar edaralaryna iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylyp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylym-bilimi ösdürmek, kämil hünärmenleri taýýarlamak esasy ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň, durmuşymyzyň mundan beýläk-de gözelleşmeginiň bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesle baglydygyny göz öňünde tutmak bilen, bilim ulgamyna aýratyn üns berilýär. Bu ulgamyň mazmunynyň baýlaşmagyna gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak we onuň dünýä derejesine laýyk gelmegini gazanmak boýunça işler üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Şunda iň täze tehnologiýalary, innowasion serişdeleri ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmak, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Aýperi TAGANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler