Amazon tokaýlygy her ýyl 15 million keseliň öňüni alýar!

Braziliýadaky gür Amazon tokaýlygynyň her ýylda 15 milliondan gowrak keseliň öňüni alýandygy alymlar tarapyndan mälim edildi.

Geçirilen gözlegler «Nature» žurnalynda çap edildi. Alymlar bu gözlegi geçirmek üçin 10 ýyldan gowrak wagtlap zähmet çekendiklerini öňe sürýärler.

Gözlegiň netijesine görä, Amazon tokaýlygynyň adam saglygyna zyýanly we howply hapalaýjy maddalaryň täsiriniň öňüni alyp dürli keselleriň ýaýramagynyň öňüne böwet bolýar.

Amazon tokaýlarynyň kömegi bilen her ýylda takmynan 2 milliard dollar dem alyş we ýürek-damar kesellerini bejermek bilen baglanyşykly saglyk çykdajylary tygşytlanýar diýlip çaklanylýar.

Gözlege gatnaşan alymlar: «Dünýädäki tropiki tokaýlar hapalaýjy maddalary ýapraklaryna siňdirýär, muňa ilkinji gezek göz ýetirdik» – diýip, belläp geçýärler.

Netijeler, Amazon tokaýlygynyň her ýyl 26 müň tonna hapalaýjy bölejikleri siňdirip biljekdigini görkezýär.

Guwanç ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok