Zonka – (Zebra + Eşek) Bir genetiki topara degişli bolan iki jandaryň çaknyşdyrylmagynda täze görnüş döredi. Ýagny, Erkek zebra bilen aýal eşegi emeli usulda çaknyşdyrmagyň netijesinde zonkalar döredildi. Dünýäniň beýleki gibrid görnüşleri ýaly zonkalar hem önelgesizdir. Zebralar we eşekler Afrikanyň käbir ýerlerinde tebigy ýagdaýda biri-birine ýakyn bolanlygy üçin Zonkanyň ýabany tebigatda hem duş gelmegi gaty ähtimaldyr. Örän seýrek görnüş bolsa-da zonkalarda dürli ýokanç keselleriň bardygy ýüze çykaryldy. Ýöne şeýle-de bolsa häzirki wagtda dünýäniň köp haýwanat baglarynda jahankeşdeleriň güýmenjesi hökmünde seýrek ýagdaýlarda goralýar.
Gyrgyç aýy – ( polýar aýy + goňur aýy) – emeli usulda çaknyşdyryp alnan gibrid görnüşdir. Goňur we polýar aýylar köplenç tundrada we Alýaskanyň, Kanadanyň demirgazyk deňiz ýaka serhetlerde duş gelýär. Global howanyň üýtgemegi we buzuň eremegi netijesinde goňur we polýar aýylaryň geografiki paýlanyşy birleşip başlaýar. Duşmanlarynyň köpelmegi netijesinde bu iki görnüşli aýy tebigy ýagdaýda bir ýere gelýär we ondan gyrgyç aýy döreýär. Ilkinji gezek bu aýy 2006-njy ýylda tebigatda duş gelindi. Polýar aýy bilen goňur aýy 150000 ýyl ozal şol bir ata- babadan gelip çykan. Şonuň netijesinde hromosomalar we genetiki meňzeşlik önelgeli nesilleriň döremeginde sebäp boldy. Şondan soňra adamlarda seleksiýa bolan gyzyklanma has hem artyp başlandy we gyrgyç aýy gibridleri emeli ýagdaýda döredilip başlandy.
Kamalar – ( Düýe + lama) – Günorta Amerikada duşýan urkaçy lamalar bilen Aziýanyň erkek düýesini emeli usulda çaknyşdyryp alnan täze gibrid nesil. Geografiki paýlanyşyna seretmezden bu iki görnüş uzak garyndaşdyr. Olar 30 million ýyl ozal Amerikanyň gaýaly daglarynda ýaşap geçen düýäniň şol bir ata- babasyndan gelip çykan nesildir. Ilkinji Kama 1998-nji ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde dünýä indi. Kamanyň gysga gulaklary, uzun guýruklary bar. Olarda böwrek ýok. Düýe ýaly birbada köp suw içýär we uzak wagtlap onsuz oňup bilýär. Ýöne düýä görä çydamlylygy pes.
Gözel HAÝTGULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler