Häzirki wagtda halkymyzyň ýaşaýyş medeniýetiniň aýrylmaz düzüm bölegine öwrülen sport we bedenterbiýe her bir raýatymyzyň saglygyny, akyl-paýhas ukyplaryny berkitmekde, sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplaryny berk berjaý etmekde, jemgyýetde sazlaşykly gatnaşyklary kemala getirmekde durmuş gymmatlyklarynyň özeni bolup durýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanýan welosiped boýunça ýörişleri geçirmäge we welosiped sportuny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmeginiň, şeýle-de paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň birinde «Welosiped» binasynyň gurulmagynyň gözbaşynda hem welosiped sportuna örän uly ähmiýetiň berilýändigi bilen baglanyşykly hakykat durandyr. Şonuň bilen baglanyşykly, indi birnäçe ýyldan bäri Bütindünýä welosiped güni güneşli Diýarymyzda giňden bellenilýär we şol gün köpçülikleýin welosipedli ýörişlerdir gezelençler guralýar.
Welosiped sürmek bedeniň taplanmagyna, ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegine we gan basyşynyň durnukly saklanmagyna, şeýle-de bogunlaryň işjeňligine ýaramly täsir etmek bilen, ekologiýa birjik-de zyýan ýetirmeýär. Hut şonuň üçin hem häzirki döwürde ýurdumyzda welosiped sportunyň tarapdarlarynyň sany barha artýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe we sport, aýratyn-da, welosiped sporty bilen meşgullanmakda bize nusgalyk göreldediginiň aýdyň netijesidir.
Aýtäç BAÝNAZAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler