Tebigatyň täsin jandary: Pangolin

Pangolinler Afrikanyň we Aziýanyň tropiki sebitlerinde ýaşaýarlar. Olar howp abanan mahaly özlerini goramak top ýaly togalak görnüşe gelýärler.

Pangolinler adatça ýarym gurak çöl sebitlerinde, tropiki we uly gyrymsy agaçlaryň üstünde ýaşaýarlar. Bu jandarlar açyk goňur, sarymtyl, zeýtun ýaşyl we goýy goňur reňklerde bolýar.

Pangolinleriň uzynlygy 30-90 santimetr arasynda üýtgeýär. Olaryň agramy 33 kilograma ýetýär.

Pangolinleriň dişleri ýokdur. Olaryň esasy iýmitini garynjalar düzýär. Bu jandarlar esasan gije aw edýärler. Ýekeje uly pangolin ýylda 70 million mör-möjek iýip bilýär.

Pangolinleriň görüş ukyby çäkli bolansoň olar öz awlaryny ys we eşidiş duýgusy bilen tutýarlar. Häzirki wagtda pangolinleriň 8 dürli görnüşi bar.

Ýeri gelende belläp geçsek, pangolinleriň käbirine ýitme howpy abanýar.

Toýly MÄMMETGYLYJOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok