Pariždäki Eýfeliň sany iki boldy

Eýfel diňine meňzeş ikinji bina Fransiýanyň paýtagty Parižde guruldy. Desga «Eifela» diýlip atlandyrylyp onuň beýikligi 32 metre ýetýär. Täze diň 23 tonna demir ulanylyp gurlupdyr.

«Eifela» bilen Eýfel diňiniň arasy 200 metr bolup, minara 10-njy aprele çenli halka açyk bolar.

«Eifela» Philippe Maindron tarapyndan gurlup, Eýfeliň ondan bir göwrümine deňdir. «Eifela»-nyň aşagynda degişme äheňinde « – Buşluk men doguldym! Meniň adym Eifela. Men 2023-nji ýylyň 1-nji aprelinde sagat 05:25-de Parižde doguldym. Boýum 32 metr, agramym 23 tonna. Ejem maňa juda begendi» diýen sözler bar.

Ýeri gelende belläp geçsek, meşhur Eýfel diňiniň gurluşygy 1887-nji ýylda başlap, 1889-njy ýyla çenli dowam etdi. Eýfel ady diňiň gurluşygynyň inženeri Gustawe Eiffeliň hormatyna dakyldy.

Eýfeliň gurluşygyna 3 müň işçi gatnaşyp, onuň beýikligi 300,51 metr, umumy agyrlygy bolsa 10,150 tonna barabardyr.

Eýfel diňinde her 7 ýyldan reňklemek işi amala aşyrylyp, oňa 60 tonna boýag sarplanylýar. Bu işe 25 boýagçy gatnaşyp, 15 aýda işi dolulygyna tamamlaýarlar.

Ahmetjan UMIROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok