Ýel uniwersitetiniň hünärmenler topary hem deňizde hem gury ýerde hereket edip bilýän robot pyşbagany oýlap tapdylar. Täze robotyň iň möhüm aýratynlygy, beýlekilerden tapawutlylykda dürli gurşawda hereket etmek üçin dürli hereket ulgamlaryny ulanmazlygydyr. Robot pyşbaga hereket edýän gurşawyna baglylykda görnüşini üýtgedýär we daşky gurşawa uýgunlaşýar. Robot pyşbaga gury ýerde aýaklarynyň üstüne galýar suwda bolsa gapdala ýaýylyp ýüzgüç görnüşe geçýär.
Robot pyşbaganyň ellerini we aýaklaryny ýasamak üçin ýörite birleşdirilen polimer ulanyldy. Material gyzdyrylanda ýumşaýar we işe ukyply bolýar. Sowadylanda bolsa gaty bolýar. Robotyň el-aýaklarynyň deformasiýasy, gurluşyndaky gyzdyryjylar tarapyndan üpjün edilýär. Mis gyzdyryjy materialyň temperaturasyny ýokarlandyranda, ýumşak robot myşsalary hereket edýär, bu bolsa el-aýaklary düzeltmäge ýa-da egilmäge mümkinçilik berýär.
Robot pyşbaga energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak we aragatnaşyk gurmak üçin kabeller bilen işleýär. Bu bolsa onuň dogry hereket etmegine päsgel berýär. Hünärmenler bu kynçylyklary ýeňip geçmek üçin işlemegini dowam etdirýärler.
Aly GURBANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler