30-njy martda, Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeniýet günleriniň çäklerinde Koreýanyň Hanguk halkara ylymlar uniwersitetinde türkmen sungat ussatlarynyň konserti boldy. Oňa dostlukly ýurduň wekilleri bilen birlikde, Koreýanyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde, şol sanda bu uniwersitetde bilim alýan türkmen talyplary-da tomaşa etdiler.
Şeýle hem Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp halkara maslahat geçirildi. Geçirilen bu maslahat dostlukly ýurduň wekillerinde, şol sanda koreý habar beriş serişdeleriniň, ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.
Türkmen-koreý dostlukly gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjak Medeniýet günleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn iş duşuşyklaryny geçirmek hem meýilleşdirilýär.
Sungat ussatlarynyň konserti tamamlanandan soňra bu ýokary okuw mekdebinde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «At — myrat» atly türkmen kinosy koreý dilinde görkezildi. Çeper film arkaly koreýaly tomaşaçylar halkymyzyň milli atşynaslyk, seýisçilik sungaty, bu ugurdaky halypa-şägirtlik ýörelgeleri bilen tanyş boldular.
Mülkiaman YMAMKASYMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler