Zenanlaryň keşdeçilik sungaty Merkezi döredildi

29-njy martda Türkmenistanyň  Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň giňeldilen mejlisi geçirildi.  Oňa Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň  agzalary, Zenanlar birleşiginiň  Merkezi derňew toparynyň agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, bank ulgamynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň başlyklary, keşdeçi zenanlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň giňeldilen mejlisinde Zenanlaryň keşdeçilik sungaty Merkezini döretmek hem-de bellige almak, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanynda  döredilen  Zenanlaryň keşdeçilik sungaty Merkeziniň Düzgünnamasyny tassyklamak hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanynda döredilen jemgyýetçilik başlangyçlarynda işleýän  Zenanlaryň keşdeçilik sungaty Merkeziniň 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklamak ýaly  meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň ýanynda  döredilen  Zenanlaryň keşdeçilik sungaty Merkeziniň başlyklygyna  ajaýyp milli lybaslaryny  taýýarlap, ýurdumyzda giňden tanalýan  telekeçi  zenan Aýna Durdylyýewa  biragyzdan bellenildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok