Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi «Açyk gapylar» gününe çagyrýar!

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi 2023 — 2024-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň we hünär-tehniki mekdepleriň uçurymlaryny, harby bölümleriň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary 2023-nji ýylyň 15-nji aprelinde we 6-njy maýynda geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar!

Bu çärä gatnaşan ýaşlara mekdepde okuwlaryň guralyşy, okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülikleýin işler hem-de talyplaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler.

«Açyk gapylar» güni mekdebiň birinji binasynda sagat 14:00-da geçirilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje şaýolunyň 10-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 28-14-56, 28-20-04, 28-07-74.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok