Pyragyň arzuwlan zamany geldi!

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz eserlerinde halky agzybirlige ündäp, dagynyk türkmen tire-taýpalarynyň başyny birikdirip, olary bitewi bir döwlet bolmaga çagyrýar. Özbaşdak döwlet gurmak, berkarar döwletli bolmak pikiri Magtymgulynyň goşgularynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu günki günde beýik şahyryň arzuwlan zamanasy hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda amala aşdy. Bir supranyň başyna jem bolmak, bir başa bakyp, bir döwlete gulluk etmek baradaky arzuwlar wysal boldy.

Şu günler institutymyzda zähmet çekýän mugallymlar özleriniň her bir sapaklarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, adalatlylygy, agzybirligi, dost-doganlygy ündeýän, öwüt-nesihat beriji şygyrlarynyň üsti bilen ýaş nesillere düýpli bilim, kämil terbiýe berýärler.

Eziz Arkadagy we Arkadagly Serdar  bilen öz ykbalyny özi çözýän halkymyzyň berkarar döwleti bar. Döwlet nyşanlarymyz bolan Baýdagymyz, Tugramyz, Senamyz äleme nur saçýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda bolup geçýän oňyn özgerişler tutuş dünýäniň nazarynda. Arkadagly Serdarymyzyň ýörite Karary bilen akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenip geçiler. Tutuş il-günümiziň, dünýäniň çeper söze gadyr goýýan ähli adamlarynyň hezreti Magtymgulynyň sarpasyny belentde tutup, adyny äleme ýaýýandygy üçin Arkadagly Serdarymyza hormat-söýgüsi biserhet. Biz — ýaşlary okamaga, öwrenmäge, döretmäge, zähmet çekmäge ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ak ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.

Altynaý JUMAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok