«Köňül mukamy» – mukamçy kompozitora bagyşlanan täze kitap

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saz sungaty giň gerimde ösdürilýär. Talyplaryň giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli bolmaklary üçin hemme mümkinçilikler döredilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedowyň taýýarlap, täze neşir edilen «Köňül mukamy» atly okuw gollanmasy hem milli saz medeniýetimiziň ýene-de bir sahypasy barada giňişleýin maglumat berýär. Bu okuw gollanma ýörite sazçylyk okuw mekdepleri hem ýokary sazçylyk okuw mekdepleri üçin niýetlenilipdir.

«Köňül mukamy» okuw gollanmasy milli saz sungatymyzyň häzirki zaman tanymal wekilleriniň biri, ussat sazanda, mukamçy kompozitor, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk artisti Orazmyrat Annanepesowyň döredijilik işlerine bagyşlanylypdyr. Kitapda O. Annanepesowyň durmuş ýoly, döredijilikli alyp baran işleri ünsli beýan edilýär. Hödürlenilýän bu okuw gollanma Orazmyrat Annanepesowyň 40 ýylyň dowamynda alyp baran mugallymçylyk, sazandalyk hem döredijilik bilen bagly ýerine ýetirilen işlerine bagyşlanylýar. Munuň taýýarlanylmagy hem onuň 65 ýaşynyň bellenilip geçilýän senesi bilen baglanyşdyrylýar.

Okuw gollanmasy: girişden, sazyň aşygy, kämillige tarap ýol ýa-da döredijilik üstünlikleri, halypa daragtdyr, şägirt bolsa onuň miwesi, döredijilikli geçilen ýollar, halypanyň milli saz sungatymyzy wagyz etmekdäki bitiren işleri, sazanda hakyndaky setirler, O. Annanepesowyň ýerine ýetirijiligi, döredijiligi bilen baglanyşykly alnyp barlan işler, O. Annanepesowyň ýerine ýetiren ylmy-usuly işleri hem döwürleýin neşirlerdäki çap edilen makalalary, O. Annanepesowyň döreden aýdym-sazlary ýaly bölümlere bölünipdir. Gyzykly tekstiň suratlar bilen utgaşdyrylyp, taryhy pursatlaryň bellenilip geçilmegi tanymal ussatlar baradaky özboluşly täsirli pursatlar bolup durýar.

Onuň ilki sazçylyk mekdebinde M. Saparow, M. Babaýew, A. Meýdanow, soňra Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde K. Annanepesow, Ý. Nurgeldiýew, Türkmen döwlet mugallymçylyk sungat institutynda bolsa A. Esenow, Ý. Nurymow dagydan bilim alandygynyň yzarlanmagy halypa-şägirtlik mekdebini dowam etmekde geçilen ýolunyň beýany bolup durýar. O. Annanepesowyň 1986-njy ýylda tanymal sazanda, mukamçy kompozitor Mylly Täçmyradowyň doglan güniniň 100 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bäsleşikde hem şol ýyl Azerbaýjan döwletinde meşhur kompozitor Uzeir Gajybekowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanylyp sazandalaryň arasynda geçirilen halkara bäsleşikde birinji orunlara mynasyp bolmaklygy baradaky maglumatlar onuň ýiti zehininden habar berýär.

Okuw gollanmasynda O. Annanepesowyň halypa hökmünde ýetişdiren talyplarynyň gazanan üstünlikleri barada, onuň ylmy-usuly döredijilik işleriniň giň gerimli sanawynyň üstünde durlup geçilmegi hem munuň zähmetiniň ýerine düşendiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Bulardan başga-da mukamçy kompozitor hökmünde ähli döreden aýdymdyr sazlarynyň nota ýazgylarynyň ýerleşdirilmegi bilen gollanmanyň gymmatlygy ýokarlandyrylýar.

R. Muhammedowyň taýýarlan «Köňül mukamy» atly okuw gollanmasy düşnükli hem täsirli ýerine ýetirilmegi onuň şeýle görnüşdäki döredijilik işlerini yzygiderli alyp barýandygy bilen düşündirilip bilner. Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş neslimiziň bilimli, sowatly bolmaklary ugrunda alyp barýan döwlet syýasatynyň iş ýüzüne geçirilýändiginiň aýdyň subutnamalarynyň biri bolup durýan bu okuw gollanma zerur hem döwrebap maglumatlara eýedigi bilen tapawutlanýar.   

Jemal AGAJANOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň
«Orkestr saz gurallary» fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok