Daşoguzda gowaça ekişi: 140 müň gektara – 26 müň tonna gowaça tohumy!

Şu gün — 29-njy martda bolsa demirgazyk sebitiň — Daşoguz welaýatynyň daýhanlary hem gowaça ekişine girişerler.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda gowaça ekişini bellenilen möhletlerde geçirip, göwnejaý gögeriş almak meýilleşdirilýär.

Şu ýyl welaýatda gowaça tohumynyň ençeme ýyllaryň synagyndan geçen, sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşan «149-F», «F-47-27», «Daşoguz-127», «Serdar» görnüşlerini ekmek göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda pagta arassalaýjy kärhanalarda şu ýylyň hasyly üçin gowaça tohumynyň 26 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, etraplaryň daýhan birleşiklerindäki çigit urularyny zerur bolan önümler bilen üpjün etmek işleri hem utgaşykly alnyp barylýar.

Möwsüm döwründe sürüm traktorlarynyň 570-e golaýy, 2200-den gowrak bejergi traktory, 500-e golaý ekijiler hem-de 19 müňden gowrak oba hojalyk iş gurallary netijeli işlediler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok