Şu gün, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň «Sowadyjy we howa ulgamlary» barlaghanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdy.
«Sowadyjy we howa ulgamlary» barlaghanasy – HNGU-nyň Innowasiýa ylmy-okuw merkezinde ÝUNIDO-nyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hyzmatdaşlygynda döredildi.
Açylyş dabarasynyň öňüsyrasynda maslahat geçirildi. Maslahatda ÝUNIDO-nyň wekilleri hem-de täze barlaghananyň direktory çykyş etdi. Soňra uniwersitetiň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň «Sowadyjy we howa ulgamlary» barlaghanasynyň açylyş dabarasy boldy. Myhmanlar döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen barlaghananyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
«Sowadyjy we howa ulgamlary» barlaghanasynyň esasy maksady raýatlara başlangyç hünär bilimini bermek, olary sanly ulgamlary dolandyrmagyň we awtomatizasiýanyň ösýän şertlerinde professional taýdan taýýarlamak, talyplara goşmaça okuw kurslaryny geçmek, edara-kärhanalaryň hünärmenleriniň kompýuter sowatlylygyndan başlap, hünär derejesini ýokarlandyrmaga çenli okuwlary guramak hyzmatlaryny ýerine ýetirmekden ybarat. Iri möçberli ylmy-tehniki çözgütleri işläp taýýarlamak we önümçilikde peýdalanylyşyny giňeltmek, nebitgaz toplumyna degişli hünärmenleriňdir mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly wezipeleriň durmuşa geçirilişine ýardam etmek göz öňünde tutulýar.
Şirin MYRATGELDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş
fakultetiniň talyby.
Teswirler