Saýlawlar barada düşünje

Jemgyýetiň dürli derejelerinde saýlawlar geçirilip bilinýär. Mysal üçin ýurduň prezidentiniň, deputatlaryň we jemgyýetçilik guramalaryň başlyklary  we beýleki wezipeli adamlar saýlanylyp bilinýär. Umuman raýatlar tarapyndan saýlanylyp döredilýän edaralara wekilçilikli edaralar diýilýär. Saýlawlaryň döwlet häkimiýetiniň aç-açanlygynyň möhüm serişdesi bolmak bilen saýlawlaryň netijesinde syýasy elitalar saýlanylýar. Saýlawlar döwlet düzgüniniň häsiýetlendiriji alamaty hökmünde çykyş edýär. Saýlawlar ählumumy we ýerli göni hem-de gytak we köp basgançakly, doly we bölekleýin hem-de adaty we adatdan daşary bolup bilýär. Gaýtadan geçirilýän saýlawlar hem bar. Saýlawlaryň tertibi birnäçe kadalaryň üsti bilen kadalaşdyrylýar. Oňa saýlaw institutlary diýilýär. Bu kadalar saýlaw hukugynyň esasy ýörelgelerini, saýlawçylara  we dalaşgärlere bildirilýän talaplary territorial we saýlaw birliklerini döretmekligiň tertibine, saýlawlaryň netijelerini kesgitlemekligiň tertibini  we beýlekileri kesgitleýär. Saýlaw hukugy diýlen düşünje 2 sany manyda aňladylýar. Obýektiw hem-de subýektiw saýlaw hukugy.

Subýektiw saýlaw hukugy anyk şahsyýetiň saýlawlara gatnaşmaga  bolan hukugy. Onuň üçin hem birnäçe talaplardan peýdalanylýar.

Obýektiw saýlaw hukugy bolsa  saýlaw hukugyny kadalaşdyrýan kadalaryň jemidir.

Aktiw we passiw saýlaw hukugy diýen düşünje hem bar.

Aktiw saýlaw hukugy bolanda raýatlaryň saýlawlara gatnaşmaga bolan hukugyna düşünilýär. (18 ýaşda döreýär).

Passiw saýlaw hukugy bolanda raýatlaryň saýlanylmaga bolan hukuklaryna düşünilýär. (25-30 ýaşda döräp bilýär).

Adatça daşary ýurtlaryň konstitusiýasynda saýlaw hukugynyň 4 sany ýörelgesi barada aýdylýar. Olar: ählumumy, göni, deň, gizlin ses bermeklik ýörelgeleri.

Ählumumy bolanda ol deň ýasaýjylaryň  hemmesiniň saýlawlara gatnaşmaga bolan hukugy.

Deň saýlaw hukugy bolanda saýlawlarda saýlamaga hem-de saýlanylmaga bolan deň mümkinçiliklerden peýdalanylmagyna düşünilýär. Saýlaw hukugy şunuň ýaly ýagdaýlarda deň hasaplanylýar.

Göni saýlawlar bolanda döwlet edaralaryna wekilleri raýatyň gös-göni özleriniň saýlamaklaryna düşünilýär.

Gizlin ses bermek bolanda öz sesiňi hiç kime aýan etmezden berip bilmek hukugyna düşünilýär.

Saýlaw kompaniýasynyň resmi başlan wagty diýlip saýlawyň senesiniň bellenen güni hasap edilýär.

Saýlawlarda ses bermek we onuň netijelerini kesgitlemek.

Daşary döwletlerde ses bermeklik gündizki hem-de gaýybana bolup bilýär. Gündizki bolanda saýlawçylaryň özi býulleteni alyp özi ses berýär. Gaýybana bolanda ynanç haty esasynda başga bir adama derek ses berilýär ýa-da poçtanyň esasynda hem ses bermeklik peýdalanylýar. Dürli ýurtlarda raýatlary saýlawa çekmeklik  üçin dürli hili usullar bar. Ýagny, halkyň, ilatyň arasynda  düşündiriş işleri geçirilýär, kanun saýlaw geçirilen diýip hasap etmeklik  üçin 51% goýulýar, raýatlary ses bermäge borçly edilýär.  

Dürli ýurtlarda ses bermekligiň özboluşly aýratynlyklary bar. Käbir döwletlerde saýlawçylaryň sany hasaba alynmaýar.  Kanunçylykda saýlawçylary ses bermeklige çekmekligiň dürli hili görnüşleri bar. Saýlaw ulgamyny saýlawlaryň netijesinde kesgitlemekligiň usuly esasynda biri-birinden tapawutlandyrylýar. Sesleri sanamaklykda gözegçiligi dalaşgärler, olaryň wekilleri, ygtyýarly edilen jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri amala aşyryp bilýärler. Umuman sesleri sanamaklygyň birnäçe görnüşleri, ýagny 100-e golaýy bardyr.  

Atahan JORAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok