Parawbibi ýadygärligi

Parawbibi ýadygärligi Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäheriniň Paraw obasynyň kyblasynda, Köpetdagyň gerişleriniň birinde ýerleşýär. Ol gözýetimden seredeniňde daga ýabşyrylyp, bina edilen kiçiräk bir metjide çalym edýär. Parawbibi ýadygärliginiň XI-XII asyrlarda halk tarapyndan gurlandygyny taryhy maglumatlar tassyklaýar.

Paraw sözi «Faraba» diýen pars sözünden gelip çykyp ol gala diýen manyny aňladýar. Obanyň düýbüniň welin haçan we kim tarapyndan tutulandygy barada anyk maglumat ýok.

Ir zamanlarda massagetler, dahlar bilen bilelikde bu sebitde «Par» taýpasy mesgen tutunypdyr. Olar soňra günorta tarapa göçüp gidipdirler. Paraw galasy Köpetdag bilen Kürendagyň sepgidinde ýerleşmek bilen ol taryhda ýaşap geçen şahsyýet Parawbibiniň ady bilen baglydyr. Halk arasynda dörän dürli rowaýatlara görä türkmenler Parawbibä egsilmez hormat goýupdyrlar.

Parawbibi ýadygärligine baýyrlykdan galýan germawlanan dag ýoly arkaly baryp bolýar. Belentlige galdygyňça howa durlanyp, dag otlarynyň ýakymly ysy burnuňa urýar. Ýoluň ugrundaky ownuk iri daşlaryň her biriniň aýratyn taryhy bar. Kiçiräk gowakda doňan daşlaryň ýüzünde ynsanyň el we aýak yzlarynyň şekilleri Parawbibiniňkidir diýip zyýaratçylar aýdýarlar. Howa halkymyzyň şöhratly geçmiş  taryhyna altyn harplar bilen ýazylan zenanlar az bolmandyr. Olar bireýýäm dünýeden öten bolsalar-da, olar baradaky ýatlamalar halkymyzyň hakydasynda baky ýaşaýar.

Bagtyýar HAKNAZAROW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok