Biz geljekki ýaş hünärmenler!

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen amala aşyrýan möhüm özgertmeleri, türkmen jemgyýetiniň bedew bady bilen öňe gitmegine uly itergi berýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda alyp barýan oňyn işleri netijesinde jemgyýetimizde has ösen, ýokary düşünjeli, sowatly ýaşlar kemala gelýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýaşlarynyň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary, edep-terbiýe, kämil bilim almaklary, hünär öwrenmekleri, ata Watana, il-güne, pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Şu maksat bilen biz ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, hünär taýdan kämilleşmeklerimiz, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerimiz üçin ähli şertler döredilýär, halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Muny orta mekdeplerde geçýän mugallymçylyk tejribeliginde hem aýdyň görmek bolýar.

Tejribelik döwründe halypa mugallymlarymyzdan alan döwrebap bilimlerimiz bize hünär taýdan kämilleşmäge oňaýly şert döredýär.

Goý, ata Watanymyzyň bilim binýadyny pugtalandyrmakda uly tagalla edýän Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Gülnur AKMURADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok