Bilim, terbiýe, kitap barada

Otda eremeýän, suwda akmaýan
Tupanda ýitmeýän, laýda çökmeýän
Dartaňda süýnmeýän, çapsaň synmaýan
Hiç bir apat ataşlarda ýanmaýan
Hem akyl, hem duýgy, hem baky lezzet
Başymyz aşakdyr seniň öňünde
Eý Kitap,
Eý Gudrat,
Eý Aly hezret!!!

A.Agabaýew.

Kitap bilen dostlaşan adamyň ruhy garyp bolup bilmez. Ol özüni bagtly hem-de baý adam hasaplamaga haklydyr. Adamyň mahal-mahal haly teň bolýan pursatlary bar. Şonda söwer dostuň ýanyňa geläýse göwnüň gülleýär. Şol dostuň ýerini akylly kitap hem tutup bilýär.
…Kitap adam durmuşynyň iň haý-haýly pursatlarynda oňa güýç berýär, ruh berýär. Kitapsyz durmuşy göz öňüne getirmek kyn. Juda kyn.

B.Hudaýnazarow.

Kitap göwnüňde pos bolsa bulgur ýaly durlar, şähdiňe ganat beslär, ýetmeziň ýalňyşyň bar bolsa sypaýyçylyk bilen görkezer, gandyrar, ynandyrar, indi ýörejek ýoluňa sönmez şöhle saçar.

B.Kerbabaýew.

Gury sandyr adam bolsa bilimsiz,
Ganaty gyryk guş uçmaz biliň siz.

Senaýy.

Ymam Gazalyndan şeýle ylymly bolmagynyň sebäbini sorapdyrlar, ol: «Men hiç haçan sorap öwrenmekden çekinmedim» – diýip jogap beripdir.

Abdysetdar Kazy.

Bägül ATAJANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok