Beýik Britaniýa barada maglumat

Beýik Britaniýanyň doly atlandyrylyşy – Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy bolup durýar. Beýik Britaniýa agrar taýdan ösen döwlet hasaplanylýar. Halkynyň sany 2021-nji ýylyň hasaby boýunça 67,33 mln adam. Beýik Britaniýa  ABŞ-dan ilatynyň sany boýunça 5 esse kiçi, territoriýasynyň (çäginiň) möçberi boýunça 40 esse kiçi.

Beýik Britaniýa döwletiniň formasy boýunça unitar döwlet döwlet dolandyryş formasy parlamentar monarhiýa. Syýasy düzgüni demokratik Beýik Britaniýada ýazylan konstitusiýa ýokdur, onuň deregine birnäçe  konstitusion çeşmeler hereket edýär. Olar esasy 4 sany çeşmeden ybarat:

  1. Statud – (nama, kanun) bolanda Britaniýada parlamentiň 2 palatanyň kabul edýän kanunlaryna aýdylýar. Oňa monarh gol çekýär. Ähli kanunlar Beýik Britaniýada birmeňzeş ýuridiki güýje eýedir. Şonuň üçin hem konstitusiýa gözegçiligi diýlen institut ýok. Statutlaryň hataryna birnäçe konstitusion namalary girizmek mümkin.
  2. Kazyýet (sud) presedenti Ýokary kazyýetler tarapyndan kabul edilýän  kararlara aýdylýar. Bu kazyýetiň kararlary hökmany suratda çap edilýär hem-de umumy hökmany güýje eýe bolýar.
  3. Konstitusion adatlar Bu birnäçe wagtyň geçmekligi bilen adatlar kanuny güýje eýe bolýar. Mysal üçin Monarhyň Weto hukugy we başgalar.
  4. Doktrinalar – ýagny, konstitusiýa hukugynyň meseleri boýunça meşhur hukukçy alymlaryň pikirleri;

Şemşat HUDAÝBERDIÝEWA,

Halaç etrap 4-nji orta mekdebiniň
türkmen dili we edebiýaty mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok