Akyl-paýhas dürdänesi

«Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we durmuş pelsepesidir»

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Mizemez şan-şöhrata eýe mukaddes türkmen topragy Abu Sagyt Abulhaýyr Mäne baba, Möwlana Jelalleddin Rumy, Hoja Ahmet Ýasawy, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp ýaly birnäçe beýik filosoflary, akyldar şahyrlary dünýä peşgeş berdi. Olaryň edebi taglymaty, çuň pähim-paýhasy ynsanyýetiň gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň kämilleşmegine saldamly goşant goşdy. Magtymguly Pyragy hem şolaryň hatarynda edebiýat, pelsepe ummanynyň läheňlerinden, olaryň miras galdyran bahasyna ýetip bolmajak eserlerinden ylham alyp, nesillere paýhas gorundan gymmaty egsilmejek serpaý ýapan akyldar şahyrdyr.

Şahyryň döredijiligi dürli temalarda bolan köp sanly şygyrlardan ybaratdyr. Döredijilik işine ýaşlygyndan başlan Magtymguly goşgy düzmekde köp zady kakasy Döwletmämmet Azadydan öwrenipdir. Ol goşgularyny köpçüligiň üýşen ýerinde, toý-meýlislerde okap berip, adamlary adamkärçilige, belent ahlaklylyga çagyrypdyr. Magtymgulynyň şygyrlary, esasan, watançylyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, yşky-liriki, dostluk baradaky gymmatly pikirleri öňe sürýär.

Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň türkmen halkynda uly ähmiýete eýedigini rus halky üçin Aleksandr Puşkiniň döredijiliginiň nähili gymmatlydygy bilen deňeşdirmek mümkin. Şahyr döwürdeşleriniň dünýägaraýyşlaryny, ruhy gözleglerini çeper söz arkaly bir gez beýgeldýär. Şol sebäpli onuň goşgulary häli-häzire çenli türkmen halkynyň kalbynda ebedi orun alyp gelýär.

Magtymguly Pyragy türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy we soňraky ösüşine esas bolan belent duýgulara baý goşgulary döreden şahyrdyr. Türkmen şygryýeti hem edil Gündogar şygryýeti ýaly özboluşly şygryýetdir. Şahyr gadymy döwürlerden bäri dowam edýän şygryýeti täze öwüşginler bilen baýlaşdyrypdyr. Onuň şahyrana gahrymany şygryýetiň şol asylly däplerini ýoýman, ony has-da berkidip, özüniň belent duýgulara baýlygy bilen has-da ösdürýär.

Gunça ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok