Alymlar we kosmonawtlar Halkara kosmos stansiýasynyň kömegi bilen ençeme ýyl bäri kosmosda dürli synaglar we gözlegler geçirýärler. 1998-nji ýylda gurlup başlanan bu stansiýa, 2000-nji ýylyň 2-nji noýabrynda işe girizilmegi bilen resmi taýdan işläp başlady.
Ilki bilen ortaça 30 ýyl ömri bolan kosmos stansiýasynyň möhletiniň soňky ýyly hökmünde 2024-nji ýyl diýlip kesgitlenipdir. Soň bu döwür 2030-njy ýyla çenli uzaldyldy. Bu seneden soň orbitadaky bu ägirt uly gurluş indi ulanylmaz.
«NASA» – Halkara kosmos stansiýasyny ýok etmegiň ýollaryny gözleýär. «NASA»-nyň meýilnamasyna görä, stansiýasyny Ýere düşürmek üçin täze orbita kosmos gämisi dörediler we bu ulag daşaýjy hökmünde hereket eder we stansiýany Ýeriň atmosferasyna alyp barar.
2030-njy ýylda resmi taýdan öz işini tamamlajak stansiýany ýok etmek meýilnamalary Ak Tamyň ýyllyk býudjetine hem girizildi. Täze kosmos gämisiniň işlenip düzülmegi üçin «NASA» berlen umumy 27.2 milliard dollaryň 180 million dollarynyň sarp ediljekdigi mälim edildi.
Halkara kosmos stansiýasy atmosfera girende bölekleýin görnüşde Ýuwaş ummanyň belli bir sebitine düşer.
Resul SAHATOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler