“Täç hil” hususy kärhanasy häzirki wagtda ýurdumyzda özüniň iň ýokary önümleri bilen öňdebaryjy önümçilik kärhanalaryň biri hasaplanýar. “Täç hil” hususy kärhanasy işe başlan ýyly ilkinji bolup gel görnüşli antibekterial serişdeleriniň önümçiligini ýola goýdy. Häzirki wagtda öndürýän önümçiliginiň sany barha artýar.
Öndürýän önümleriniň geriminiň giňemegi bilen bir hatarda görnüşleri hem köpeldi. Ýakynda “Täç hil” hususy kärhanasy 200 ml, 2 görnüşli — 1 görnüşi exlucive we 1 görnüşi lavanda awtoulaga ys beriji serişdeleri hem-de teker garaldyjy serişdeleriniň önümçiligini ýola goýdy. Öndürilip başlanyna köp wagt bolmandygyna garamazdan “Täç hil” awoulaga ys beriji hem-de teker garaldyjy serişdeler halkyň islegini gazandy.
“Täç hil” hususy kärhanasynyň öndürýän awtoulaga ys beriji hem-de teker garaldyjy täze önümleri ilkinji gezek Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň şanly 15 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda guralan sergide görkezildi we tanyşdyryldy.
Aýnur Hudaýbergenowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler