Ata ýurda halal hyzmat – ýaşlaryň perzentlik borjudyr

Eziz Diýarymyzda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Ýurdumyz öňde goýlan maksatlara tarap ynamly öňe barýar. Berkararlyk ýalkymyndan rowaçlanýan eziz Watanymyzyň beýik ösüşleri Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetçilik durmuşynda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygynyň, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşini üpjün etmäge, halkymyzyň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bulardan başga-da, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ata Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerine ýetmekde ýaşlara bildirilýän uly ynamdan nyşandyr. Ýaşlar bilen bagly wezipelerde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribäni alyşmak maksady bilen, abraýly halkara guramalary bilen bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmeklige üns berilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň ýaş nesilleriň öňünde goýýan wezipeleri ýaşlary ata Watana bolan beýik söýgä ruhlandyryp, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige, dostluk ýörelgelerine ygrarlylyga, ýurdumyzy ösdürmeklige goşant goşmaklyga borçlandyrýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi we onda ýaşlar telekeçiligine döwlet goldawyny bermek, ýaşlaryň bilim almagynyň üznüksizligini gazanmak maksady bilen oňyn başlangyçlaryň ençemesi ýola goýulýar.  «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bilim we ylym ulgamy hem uly üstünliklere beslenýär. Bu ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär, döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek babatda uly tejribe toplanyldy. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berilýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredilýär. Bilim işini döwrebaplaşdyryp, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň gazanýan üstünlikleri, belent ýeňişleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne gadam basan mähriban ýurdumyzyň üstünlikleridir, ýeten belent sepgitleridir. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwrebap bilim almaklary, geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryndan doly peýdalanmaklary, durmuş meýilnamalaryny amala aşyrmaklary üçin döredilýän ähli şertler Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasadyndan kemal tapandyr.

Maýsa HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok