Okuw merkezleriniň arasynda geçirilen döwlet olimpiadasy tamamlandy

Ýaňy ýakynda ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan okuw merkezlerinde okaýanlaryň arasynda Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli diller dünýä institutynda daşary ýurt dilleri (iňlis dili we rus dili) boýunça döwlet bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik okaýanlaryň bilimlerini barlamak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, daşary ýurt dillerini öwrenmeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirildi.

Bäsleşige gatnaşyjylar 3 topara bölündi:
I topar 12-13 ýaşlarynda;
II topar 14-15 ýaşlarynda;
III topar 16 we ondan ýokary ýaş aralygynda gatnaşyjylar.

Bäsleşigiň netijesinde diňleýjiler jemi iňlis dili we rus dilinden 6 sany baş baýrak, 18 sany I, II, III orunlary eýelediler. Olardan “Altyn göreç” hojalyk jemgyýeti 13 orna, “Zehin ýoly” hojalyk jemgyýeti 9 orna, “Belent bilim” hojalyk jemgyýeti 7 orna, “Zehinli nesil” hususy kärhanasy 5 orna, “Gujurly nesil” bilim merkezi 4 orna, “Dil we döredijilik” merkezi hem-de “Çäre” we “Miras” hususy kärhanalary 3 orna, “Merdem ýaşlar”, “Dana” we “Altyn sarpa” hojalyk jemgyýetleri 2 orna, şeýle hem “Diller dünýäsi” okuw merkezi, “Mynasyp ýol” hususy kärhanasy, “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň diňleýjileri baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşikde ýeňiş gazananlar akylly sagatlar, gulaklyklar, telewizorlar we hormat hatlary bilen sylaglandyryldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bu döwlet bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýeňiş gazanan diňleýjileri ýeten üstünlikleri bilen gyzgyn gutlaýar we täze ýeňişleri arzuw edýär!

Şanýazowa Orazbike,
Döwletmämmet Azady adyndaky
türkmen milli diller dünýä institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok