Çeper söz ussady, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň çuň paýhasy, ýiti zehini, öňdengörüjiligi bilen kemala gelen şygyrlar ynsan kalbyna ebedi nur paýlaýar. Beýik Pyragynyň döredijiligine mahsus aýratynlyklar şahyr Mollanepesiň hem baý edebi mirasyna, şahyrana dünýäsine ýiti täsir edipdir. Muny halypadan kemal tapan söz ussadynyň edebi mirasy anyk tassyklaýar. Akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijilik däplerini dowam etdiren Mollanepes türkmen diliniň many goýazylygyny, şirinligini öz eserlerinde örän nepislik hem ussatlyk bilen peýdalanypdyr.
Geljek 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilip geçiler. Munuň özi akyldar şahyryň baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, ХVIII—ХIХ asyrlarda türkmen durmuşyna ýetiren uly täsirini ylmy esasda öwrenmekde, onuň şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligiň ünsüni çekmekde uly ähmiýete eýe bolar.
Beýik söz ussady özüniň çuň pelsepä ýugrulan goşgularynda halkymyzyň bitewüligi, türkmen döwletiniň sarsmaz binýady baradaky arzuwlaryny ussatlyk bilen beýan edipdir. Şahyryň «Berkarar döwlet islärin» diýen arzuwy hasyl bolup, bu günki gün bagtyýar halkymyz Garaşsyz döwletde, abadan, eşretli durmuşda ýaşaýar.
Bu günki ajaýyp zamanamyz, şahyryň arzuw edişi ýaly, ykbalymyzyň sözüň doly manysynda göterilen zamanasydyr. Şonuň üçin akyldaryň parasatly pikirleri, kämil garaýyşlary adalat jemgyýetimiziň ruhy binýady bolup hyzmat edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymgulynyň şygyrlarynyň halkymyza uly ruhubelentlik, egsilmez joşgun berýändigini buýsanç bilen belläp geçmek bolar. Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmakda akyldaryň parasatly pikirleri ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär.
Allanazar SAPARBAÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler